Giriş yap! Hesap oluştur!
Nedir?
Ara
Şifreni mi unuttun?
TÜRKMEN BEYİK MİLLETDİR - Sözümoki
20 Nisan 2018, Cuma 13:39 · 188 Okunma

TÜRKMEN BEYİK MİLLETDİR

‏TÜRKMEN BEYiK MiLLETDiR

‏Kiçi däldir, beýik milletdir türkmen,
‏Bäş yklymda hanlyk süren milletdir.
‏Darkaş gurup depesinde döwürleñ,
‏Gylyç gemrip, ýaşandyr ol minnetsiz.

‏Adyllygy bilen beýikdir ilim,
‏Asyllygy bilen beýikdir halkym.
‏Ejiziñ arkasy, güýçlä garawsyz,
‏Zamanlañ sarpasy, dine haraýdyr,
‏Ynsanperwerligi söýüpdir halkym.

‏Sadalygy bilen beýikdir türkmen,
‏Sahylygy bilen parhlanar türkmen,
‏Rysgallydyr bereketli güýzünden,
‏Gahry gelse gyşdyr, ýylgyrsa bahar.

‏Parasady bilen belentdir türkmen,
‏Bedewine ganat bitirendir ol.
‏Halysyny türkmen tuguna öwrüp,
‏Rowaýata çenli göterendir ol.

‏Batyrlygy bilen bellidir ilim,
‏Horasan peleñi, Turan şiridir.
‏Asyl nusgasydyr edermenligiñ,
‏Ärleriñ äridir, şirleriñ piridir.

‏Kiçi däldir, türkmen uly milletdir,
‏Bäş müñ ýyllap ýaşandyr ol minnetsiz.
‏Saparmyrat, türkmen begdir, gerçekdir,
‏Onuñ taryhyny öwrenmek üçin
‏Iñ azyndan, müñ är ömri gerekdir!


1 kişi beğendi ·
Yazarın diğer paylaşımları;
Sözümoki Mutlaka Bilinmesi Gerekenler
Kozmik olay denilince ilk aklına ne geliyor?
X

Daha iyi hizmet verebilmek için sistem içerisinde çerezler (cookies) kullanmaktayız. "Çerez Politikamız" sayfasından daha detaylı bilgilere erişebilirsin.

Anladım, daha iyisini yapmaya devam edin.